Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy harby däl halkara guramalaryna girmäge ähli hukuklary we mümkinçilikleri berýär. Türkmenistan soňky on ýyllykda dünýäniň dürli meselelerini çözmäge gatnaşmakda bu mümkinçiliginden netijeli peýdalanýar. Mysal üçin, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) synçy döwlet hökmünde çykyş etmegi guramanyň alyp barýan işlerine işjeň gatnaşmagyna hiç hili päsgelçilik bermeýär.
Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiň (Türki geňeşiň) agza ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hem çagyrylmagy ilkinji nobatda, ýurduň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň halkara meselelerinde täsiriniň ýokarlanýandygyny, goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ösýändigini görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri Türkiýe Türkmenistanyň öňdebaryjy ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri bolup gelýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdyň Türki geňeşiň beýleki agza ýurtlary Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan bilen hem ykdysady gatnaşyklary ep-esli artdyryldy. Meselem, diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygynyň möçberi üç esse ýokarlandy.
Türki geňeşiň agzalarynyň arasynda ulag we logistika gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek meselelerini aýratyn bellemelidir. Türkmenistan köp sanly logistiki halkalarda esasy orny eýeleýär. Geňeşiň agzalarynyň alyp barýan taslamalarynyň aglabasynda türkmen tarapynyň gatnaşmagy wajypdyr. Muňa Türkmenistandan Günbatara we Gündogara, esasan türkmen gazy akdyrylýan gaz geçirijileri, ýurtdan üstaşyr geçirilýän demir ýollary we awtoulag ýollary degişlidir. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Bir guşak – bir ýol” taslamasynyň ugry bu Geňeşiň ähli ýurtlarynyň üstünden geçýär. Onuň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki kararlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we kabul edilmegine baglydyr.
Ulag-logistika, import we eksport meseleleri Türkmenistan tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) forumunyň çäginde çözülýär. Bu meseleler Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlary üçin sebitara gatnaşyklary çözmek üçin möhümdigini bellemelidir. Ady agzalan guramalaryň çägindäki her bir ýurda, hususan hem Türki geňeşiň agzalaryna bu meselede çalt depginde oňyn karary çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistan hem öz gezeginde beýleki ýurtlara zyýan ýetirmezden ähli sebitlerde özara bähbitli ylalaşyklary hödürleýär.
Türki geňeşde ykdysady, ulag we logistika gatnaşyklaryndan başga-da umumy medeni gymmatlyklar möhüm rol oýnaýar. Häzirki wagtda medeni hyzmatdaşlyk türki bileleşigiň esasyny düzýär. Türki geňeşiň ähli halklarynyň we Türkmenistanyň umumy taryhy, dili we däp-dessurlary bardyr we olary gorap saklamak hem-de ösdürmek diňe bilelikdäki tagallalar arkaly mümkindir. Bu bolsa häzirki wagtda umumy türki halklarynyň gatnaşyklarynyň wajypdygyny aňladýar.
Türki geňeşiň hiç hili harby maksadynyň ýokdygyny we hiç kimiň bähbidine garşy gelmeýändigini bellemek gerek. Geňeş ýurtlaryň arasynda ynamy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin gural hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň häzirki wagtda Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagy ýerlikli hem-de geljegi ulydyr.
Mark Nazarow
Bu makala ilkibaşda “Gündogar news” habar saýtynda 14.10.2021 senesinde çap edildi.