Türkmenistanyň Hökümet topary ýurduň BSG-a agza bolmak meselesini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Hökümet topary ýurduň BSG-a agza bolmak meselesini öwrenýär
Hökümet toparynyň agzalary Türkmenistanyň daşary söwda şertlerine degişli Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyny tassyklamak baradaky meselä seretdiler.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň barşynda Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentleri ara alyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň daşary söwda şertlerine degişli Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyny tassyklamak baradaky meselä seredildi.

Mundan başga-da, Hökümet toparynyň agzalary 2021-nji ýylyň 30-njy noýabry 3-nji dekabry aralygynda Ženewada geçiriljek BSG-niň XII Ministrleriň maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň şol guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşmagy baradaky meselesini jikme-jik öwrendiler.

Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere seretdiler.

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanylan 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022