Türkmenistanda 30 sany döwlet desgasy hususylaşdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 30 sany döwlet desgasy hususylaşdyrylýar
Bäsleşikli söwdalar 29-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 30 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, bäsleşikli söwdalar 29-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüztutmalary kabul etmek we gatnaşjaklary hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bäsleşikli söwdalar hakynda yglan edilen maglumat çap edilen günden başlanýar we onuň geçirilmegine 24 sagat galanda tamamlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

2022