Türkmenistan: GDA-nyň ykdysady gyzyklanmalaryny geografik çäklerinden daşarda öňe sürmeli

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan: GDA-nyň ykdysady gyzyklanmalaryny geografik çäklerinden daşarda öňe sürmeli
GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ykdysady ugurlaryny we gyzyklanmalaryny guramanyň geografik çäklerinden daşary öňe sürülmegi hem-de ýanaşyk ýurtlaryň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna integrirlenmegi zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berişi ýaly, GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirildi.

Mejlise Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Moldowanyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetirji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda GDA agza ýurtlaryň liderleri halkara we sebitleýin gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň döredilmeginiň ýubileý ýylynda geçirilýän bu sammitiň dowamynda Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlendi hem-de onuň geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda GDA-nyň ykdysady ugurlarynyň we gyzyklanmalarynyň Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşary çykmaklygynyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ilkinji nobatda, ulag-üstaşyr infrastrukturany döretmeklige, energogöterijileriň üpjünçiligini işjeňleşdirmeklige we giňeltmeklige, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň täze ugurlarynyň çekilmegine degişlidir.

Ýokary derejeli maslahatyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar bilelikdäki özara gatnaşyklaryň ynsanperwer, hukuk goraýyş, migrasiýa we beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça birnäçe çözgütleri kabul etdiler.

2022