Gaz bazary üçin OPEC+ ýaly kadalaşdyryjy mehanizmiň döredilmegi teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gaz bazary üçin OPEC+ ýaly kadalaşdyryjy mehanizmiň döredilmegi teklip edildi
Saud Arabystanynyň Energetika ministri Şazada Abdel Aziz bin Salman Al Saud

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Şazada Abdel Aziz bin Salman Al Saud penşenbe güni Moskwada geçirilen energetika boýunça konferensiýasynda eden çykyşynda gaz bazaryna OPEC+ toparyna çalymdaş kadalaşdyryjy mehanizminiň gerekdigini aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Tebigy we suwuklandyrylan gaz hem-de kömür bazarlarynda häzirki wagta bahalaryň iň ýokary derejede saklanýandygyny bellän Energetika ministri bu ýagdaýyň degişli pudaklarda maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi we OPEC+ ýaly bazar düzgünleşdiriş mehanizminiň bolmanlygy sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy.

“Biz eýýäm gazyň bahasynyň 500% galandygyny, kömüriňkiniň örän ýokarydygyny we suwuklandyrylan gazyň bahalarynyň bolsa 200% ösendigini görýäris” diýip, bin Salman nygtady we bu bazarlara nebit bazary ýaly deň derejede üns berlen bolsa, häzirki ýagdaý has gowy boljakdygyny belledi.

“Gaz we kömür bazaryna seretsek, olara şeýle kadalaşdyryjynyň gerekdigini göreris. Belki olar “copy paste” edip, biziň nebit bazarynda edýän işlerimizi gaýtalamalydyrlar” diýip, energetika ministri aýtdy.

Şeýle hem ministriň bellemegine görä, OPEC+ ýurtlarynyň ýakyn dört aýda günlük nebit önümçiligini her aýda 400 müň barrel artdyryp bilerler.

Oktýabr aýynyň başynda, OPEC+ 2022-nji ýylda nebite boljak isleg baradaky çaklamasyna täzeden garady. Oňa görä, geljek ýyl günlük islegi 4 million 200 müň barrele ýokarlandyrdy. Bu bolsa öňki çaklamadan 900 müň barrel köpdür. Netijede, 2022-nji ýylda dünýädäki nebite bolan günlük isleg 100 million 800 müň barrele barabar bolup biler. 2021-nji ýylda bolsa bu görkeziji 96 million 700 müň barrele deňdi.

2022