Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän telekeçi Parahat Saparowa degişli “Ak ýag” hususy kärhanasy polietilen haltalaryny öndürip, häzirki wagtda Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edýär.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada öndürilýän polietilen haltalaryň esasy çig maly Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.
Önümhanada Hytaýdan getirilen döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, kompaniýanyň her aý 80 tonna golaý önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.
Habarda bellenilişi ýaly, öndürilýän önümleriň 30%-i içerki bazara ýerlenilip, galan bölegi eksport bazaryna çykarylýar. Öndürilýän hem-de buýurmalar esasynda taýýarlanylýan polietilen haltalar Moldawiýa, Ukraina ýaly döwletlere eksport edilýär.
“Ak ýag” hususy kärhanasy 2017-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda kompaniýada 30 sany hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa geljekde önümçiligiň gerimini giňeltmegi, önümleriň eksport möçberlerini artdyrmagy maksat edinýär.