Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar
Wagit Alekperow “Lukoýl” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. (Surat: “Lukoýl”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen sişenbe güni Aşgabatda duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Hazar sebitiniň nebit-gaz serişdelerini özleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Hazar sebitiniň nebit-gaz serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Alekperow Hormatly Prezidentimize “Lukoýl” kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Milli Liderimiz öz gezeginde Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy, şol sanda rus kompaniýalarynyň tejribelerini netijeli ulanyp gelýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we kompaniýanyň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

2022