Türkmenistanyň Mejlisiniň 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul eden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň mazmunyna “Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy” atly täze VІI bölüm girizildi.
Bölümde jemi 6 sany, ýagny 134-139 maddalary görkezilip, olar gönüden-göni ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär diýip, bölümiň 134-nji maddasynda bellenilýär.
Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly maglumatlar Türkmenistanyň şu aşakdaky kanunlarynda göz öňünde tutulandyr:
- Raýat kodeksi;
- Zähmet kodeksi:
- Salgytlar hakyndaky;
- Gümrük kodeksi;
- Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet goldawy hakynda;
- Telekeçilik işleri hakynda;
- Kärhanalar hakynda;
- Paýdarlar jemgyýeti hakynda;
- Eýeçilik hakynda;
- Erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary hakynda;
- Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda;
- Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda;
- Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek barada;
- Täjirçilik syry hakynda;
- Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda;
we beýleki Türkmenistanyň kanunlarynda hem bellenip bilner.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Gümrük, Zähmet kodekslerine we Salgytlar hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we beyleki kanunlary