Türkmenistanda demir ýollar abatlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda demir ýollar abatlanýar
“Türkmendemirýollary” agentligi Latwiýanyň SIA ‘’HB’’ kärhanasy bilen uly möçberde demir ýol relsleri getirmek barada şertnama baglaşdy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň ýol abatlaýyş toparlary demir ýoluň ýokarky bölegini düýpli abatlamak işini alyp barýarlar. Olar Bamy we Bereket beketleriniň aralygyndaky könelen relslerini täzelemek işine girişdiler.

Türkmenistanyň metbugatynyň çarşenbe göni habar berşi ýaly, bu ýerde ýakyn wagtlarda täze polat ýoluň ilkinji on kilometri täzelener.

Şeýle hem Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan demirýol böleklerinde şu ýyl jemi 50 kilometre golaý relsi çalyşmak meýilleşdirilýär. Geljek ýyl Aşgabat we Türkmenabat şäherleri aralygyndaky demir ýoluň 50 kilometrlik bölegi hem täzelener.

 “Türkmendemirýollary” agentligi Latwiýanyň SIA ‘’HB’’  kärhanasy bilen uly möçberde demir ýol relsleri getirmek barada şertnama baglaşdy. Önümleriň ilkinji tapgyry eýýäm abatlaýyş işleri üçin ulanylýar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda “Demirýollary” AGPJ-ne Russiýanyň “Transmaşholding” kompaniýasynyň ТEP70BS kysymly ýolagçy teplowozy we 2TE25KM kysymly ýük teplowozy gelip gowuşdy. Teplowozlar 2020-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda getirildi.

2022