Türkmenistan we ÝB haryt dolanyşygyny artdyrmak meselesine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝB haryt dolanyşygyny artdyrmak meselesine seretdiler
Maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň haryt dolanyşygyny artdyrmagyň hem-de işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

ÝB-niň tarapyndan mejlise Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle-de taraplar özara gatnaşyklaryň ýokary derejede işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdiler.

Mundan başga-da söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri boýunça meselelere seredildi. Şeýle hem ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi 2020-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda geçirilipdi.

2022