Türkmenistan we Şweýsariýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Şweýsariýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini maslahatlaşdylar
Forumyň maksady iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin çözgütleriň işlenilip düzülmeginden we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy geçirildi. Forumyň barşynda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hem-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şweýsariýa tarapyndan BSE-niň hem-de Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça Döwlet sekretariatynyň ýolbaşçylary, şeýle-de nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demirýol gurluşygy hem-de kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda ýöriteleşen 40-a golaý şweýsar kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30-ýyllygyna bagyşlanan işewürlik-forumynyň esasy maksady Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginden, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütleriniň hem-de çemeleşmeleriniň işlenilip düzülmeginden ybaratdyr.

Forumyň dowamynda çärä gatnaşyjylar ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewürlik işjeňligini, işewürlik-gurşawyny, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we oňa syn bermäge, söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady integrasiýa üçin döredilen şertler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Mundan başga-da forumda Türkmenistanyň milli önümleriniň eksportynyň artdyrylmagyna, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz we dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika boýunça ýöriteleşdirilen şweýsar kompaniýalary bilen özara hereketleriniň has hem işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

BSE Şweýsariýanyň öňdebaryjy söwda edarasy bolup, ol ýurdyň GDA ýurtlary we Gruziýa bilen ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär. Dürli pudaklarda işleýän şweýsariýanyň kompaniýalary edara binasy Sýurihde ýerleşen BSE agzadyr.