Daşoguz şäherinde ýerleşýän kafel öndürýän hususy kiçi zawody ýanýoda plitalarynyň täze 4 görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Habara görä, “Türkmen göl”, “Samarkand”, “Korund” we “Şewrolet” atly täze önümler dürli dizaýnlary we şekilleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Olar çägiň landşaft gurluşygynda we abadanlaşdyrylmagynda şeýle-de seýilgähleri ýa-da pyýadalara niýetlenen ýodalary düşemek üçin ulanylýar.
Zawodyň täze plitalar esasan ýurdumyzyň öz içerki önümlerinden taýýarlanýar. Olar özüniň uzak wagtlap hyzmat etmegi, berkligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Kärhananyň girizen täzelikleriniň arasynda eýwan basgançaklaryna hem niýetlenen taýmazlyk üçin serişde bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine (TSTB) degişli Daşoguzyň hususy kiçi zawody kafel plitalarynyň 10-dan gowrak görnüşini öndürýär. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 30 müň inedördül metr önüm çykarmaga niýetlenendir.