Türkmenistanyň halkalaýyn energoulgamynyň birinji tapgyry işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň halkalaýyn energoulgamynyň birinji tapgyry işe girizildi
Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi günbatar sebitiniň senagat kärhanalarynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly Ahal-Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Bu elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyrydyr.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çärä sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe we ykdysady toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we elektrik energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow hem gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda, häzirki wagtda Aşgabat-Mary-Lebap- Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olaryň bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny birleşdirýändigini belledi. Şeýle hem Türkmen Lideri Aşgabatdan günbatar-demirgazyga tarap Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň geljek üçin meýilnamalary barada aýdyp, Aşgabat-Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijiniň hem döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Çäräniň dowamynda täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de ýurdumyzyň günbatar sebitiniň senagat kärhanalarynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjakdygy bellenildi.

Bu taslama Ahal-Balkan, Balkan-Daşoguz we Ahal-Mary ugurlary boýunça halkalaýyn ulgamy döretmegiň ilkinji tapgyry bolup durýar. Onuň amala aşyrylmagyna Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ähli kärhanalary we edaralary gatnaşdylar.

2022