Türkmen kompaniýasy 40 müň inedördül metr gipsokartony eksport eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 40 müň inedördül metr gipsokartony eksport eder
Golaýda kompaniýa tarapyndan Gazagystan Respublikasyna gipsokartonyň 20 müň inedördül metri ugradyldy.

Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan “Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde gipsokartonyň 21 müň inedördül metrini Gazagystana, 19 müň 200 inedördül metrini Azerbaýjana eksport etmegi meýilleşdirýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, golaýda kompaniýa tarapyndan Gazagystan Respublikasyna gipsokartonyň 20 müň inedördül metri ugradyldy.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşip, kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 8 million inedördül metr gipsokarton, 78 müň tonna gury gurluşyk garyndysyny öndürmäge niýetlenendir.

Kompaniýa esasy çig maly içerki bazardan alýar. Gurluşyk garyndylaryň hilini we täsirini güýçlendirmek üçin himiki goşundylar Germaniýa, Türkiýe, Ukraina we Günorta Koreýa döwletlerinden getirilýär.

Öndürilýän gipsokartonyň uzynlygy 2,4 metr, ini 1,20 metre deňdir. Üçek üçin niýetlenen gipsokartonyň galyňlygy 9,5 millimetr, diwar üçin bolsa 12,5 millimetr. Olar 3 görnüşde, ýagny jaýyň içinde ulanylýan adaty ak, çyglylyga çydamly ýaşyl, şeýle-de ýangyna çydamly gyzyl reňkde öndürilýär.

Mundan başga-da, “Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýakynda içerki we daşarky diwar boýaglary, dürli ölçeglerdäki plastik trubalar we iki görnüşli kabeller öndürilip başlandy.

2022