“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň baý tejribesi öwrenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) arasynda işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek boýunça Goşmaça ylalaşyk baglaşmak teklibi berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahat boýunça ýurdumyza gelen “Tatneft” AGPJ-niň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň känlerinde nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmak baradaky meseleler we “Tatneft” AGPJ-i bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew Goturdepe ýatagynyň çylşyrymly geologik gurluşy hem-de köp sanly bölünmeler sebäpli, onuň dört bölege bölünip, Merkezi, Günbatar, Gündogar we Demirgazykdan ybaratdygyny aýtdy. Döwlet konserniniň ýolbaşçysy bu ýatakda gazylyp alynýan nebitiň gorlarynyň sanlary, şeýle-de önümli gatlaklar hakynda maglumat berdi.

Döwlet konserniniň ýolbaşçysy hasabatynda soňky ýyllarda nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň baý tejribesi öwrenilýär diýip, Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Tatneft” bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredilip, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, “Tatneft” bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň üstünde durup geçdi. Döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze nebit känlerini açmak we olary netijeli özleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Soňra “Tatneft”-iň baş direktory Nail Maganow öz gezeginde Milli Liderimize “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Soňra işewür döwlet Baştutanymyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi. Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Şahym Abdrahmanowa hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Güýçgeldi Baýgeldiýewe ýüzlenip, döwlet konserni tarapyndan çig nebiti gazyp almagyň möçberlerini artdyrmak hem-de tassyklanylan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.

Türkmenistan bilen “Tatneft” 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda “Tatneft”-iň Türkmenistandaky şahamçasynda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehi işe girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022