Türkmenistanyň günbatar sebitindäki uly ýod zawody kämilleşdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň günbatar sebitindäki uly ýod zawody kämilleşdiriler
Häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 450 tonna bolan “Balkanabat” zawodynda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasy öndürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Balkan welaýatynda ýerleşýän “Balkanabat” zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak taslamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýodbrom önümçiligini artdyrmak maksady bilen wise-premýer Çarymyrat Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli zawodyň taslamasyny hödürledi.

Purçekow himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň şeýle önümçilik desgalaryny taslamalaşdyrmakda we gurmakda uly tejribä eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalaryndan anyk teklipleri alandygy barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 450 tonna bolan “Balkanabat” zawodynda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasynyň öndürilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe anyk teklipleri hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Şu maksat bilen, wise-premýer zawodyň ýodly we bromly çig mal ýataklarynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak barada gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmekligi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmegi hem-de bu işe şol ulgamda uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynda ýerleşýän “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Bereket” hem-de “Balkanabat” ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilip, onuň aglaba bölegi daşary ýurtlara iberilýär.

2022