Türkmen kompaniýasy 87 müňden gowrak geýim asgyçlaryny Azerbaýjana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 87 müňden gowrak geýim asgyçlaryny Azerbaýjana eksport etdi
Kärhananyň plastik geýim asgyçlary ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy we ulanmaga amatlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän “Gelejege rowan’’ hususy kärhanasy geçen aýda “Görogly plastik’’ haryt nyşanly geýim asgyçlarynyň 87 müň 500-sini Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. Ýakyn geljekde geýim asgyçlarynyň 150 müňüsini Özbegistan Respublikasyna eksport etmek meýilleşdirilýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, kuwwatlylygy aýda 100 müň sany geýim asgyç öndürmäge mümkinçiligi bolan bu kärhanada geýim asgyçlarynyň dürli reňkleri we görnüşleri öndürilýär.

“Gelejege rowan’’ önümçilik üçin gerek bolan polipropilen çig maly Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alýar.

Kärhanada Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy, ulanmaga amatlylygy bilen tapawutlanýan geýim asgyçlaryna müşderileriň arasynda isleg uludyr diýip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Gelejege rowan’’ hususy kärhanasy önümçiligini 2019-njy ýylda ýola goýdy.

2022