Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde anna güni ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görnüşinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy geçiriler. Bu ýokary derejeli mejlis ýakyn ýyllarda Merkezi Aziýada 2019-njy ýyldaky Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) strategiýasynyň çäginde Merkezi Aziýada geçiriljek çäreler tapgyrynyň ilkinjisi bolar. Bu barada ÝB-niň Gyrgyzystandaky Wekilhanasy duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, forum gatnaşyjylara Merkezi Aziýanyň durnukly ykdysady ösüş ugrundaky ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Çäräniň esasy üç mowzugy “ýaşyl” dikeldiş, sanlylaşdyrmak we iş gurşawyny gowulandyrmakdan ybarat bolar. Şeýle hem ÝB-niň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan hödürlenýän başlangyçlar we tehnologiki çözgütler ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen ÝB-niň häzirki gatnaşyklaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem forumyň ileri tutulýan üç mowzugyna aýratyn üns bermek bilen ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerine garamaga ýardam berer.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletlerinden Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli hökümetleriniň ýokary derejeli wekilleri, ÝB tarapyndan bolsa Ýewropa Komissiýasynyň Ykdysady meseleler we söwda boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis wekilçilik eder.
Şeýle hem, bu çärä ÝB-ne agza ýurtlaryň we ÝB-niň sebitdäki taslamalaryny amala aşyrýan guramalaryň wekilleri, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň hususy pudagynyň hem-de Ýewropanyň maliýe edaralary ýaly ösüş boýunça hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.