“Iran Khodro” Türkmenistana awtoulaglaryny eksport etmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Iran Khodro” Türkmenistana awtoulaglaryny eksport etmäge taýýar
“Iran Khodro” kompaniýasynyň baş müdiri Farşad Mogiminiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmammedow bilen duşuşygy, Tehran, Eýran

Eýranyň iň uly awtoulag kompaniýasy “Iran Khodro Industrial Group” goşa ýangyç energiýa ulgamy bolan (benzin + gaz) awtoulaglary Türkmenistana eksport etmäge taýýar. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Farşad Mogimi “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmammedow bilen Tähranda geçiren duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, “Önümleriň dürlüligi, täjirçilik we ýolagçy awtoulaglarynyň öndürilmegi bize Türkmenistanda satuwdan soňky hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär” diýip, Mogimi belledi.

“Iran Khodro” kompaniýasynyň baş müdiri türkmen bazaryny awtobuslar bilen üpjün etmäge taýýardygyny mälim edip, eksportyň mümkin boldugyça gysga wagtyň dowmynda mümkin boljakdygyny aýtdy.

Akmammedow hem öz gezeginde, “Iran Khodro” awtoulaglarynyň hilini we dürlüligini göz öňünde tutup, olaryň türkmen bazaryna çykarylmagyna oňyn baha berýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy we onuň baştutanlygyndaky wekiliýet Eýran kompaniýasynyň önümçiligi bilen tanyşdy.

1962-nji ýylda döredilen “Iran Khodro Industrial Group” Aşgabatda resmi wekilhanasyny açan ilkinji Eýran awtoulag kompaniýalarynyň biridir. Bu kompaniýa ozal Türkmenistana onlarça ýeňil awtoulag we awtobus eksport edipdi.