1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
Diňe 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň özünde 80 müň 900 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.

2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 1 million 530 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, diňe oktýabr aýynyň özünde 80 müň 900 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.

Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soňra ikinji orunda durýar. Gazagystan 11 million 50 müň tonna (oktýabrda 1 million 220 müň tonna) nebiti üstaşyr geçirdi.

Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalarynyň GDA döwletlerinden başga ýurtlara nebit eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 176 million 760 müň tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,6% peseldi.

Russiýanyň nebit kompaniýalary 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda goňşy ýurtlara nebitiň üpjünçiligini 8,4% azaldyp, 9 million 370 müň tonna ýetirdiler.