Dünýädäki çig mal ýetmezçiliginde ulag ulgamynyň orny

Nurmyrat Mommaýew
Dünýädäki çig mal ýetmezçiliginde ulag ulgamynyň orny
Köp wagt alýan we goşmaça çykdajy döredýän şertler ýurtlaryň ulag gatnawlarynyň başga usullaryna meýil etmeklerine itergi berýär.

Pandemiýanyň dünýä ykdysadyýetine ýetiren täsiriniň häzirki azalan günlerinde islegiň aşa ýokarlanmagy netijesinde, bazarda bu islegi kanagatlandyrmak üçin önümçilige gerek bolan çig maly tapmak barha çylşyrymlaşýar. Çäklendirme döwründe döwletler tarapyndan berlen maliýe goldawlary pandemiýanyň täsiriniň peselmegi bilen sarp edilip başlandy we bu ýagdaý islegiň aşa köpelmegine sebäp boldy. Netijede ulag ulgamy  çylşyrymly ýagdaýa sezewar bolup, onuň üpjünçiligi pese gaçdy. Ulag ulgamyndaky çylşyrymly ýagdaýlar çig mal üpjünçiligine öz ýaramaz täsirini ýetirdi. Ulag üpjünçiligindäki ýetmezçiligiň ýene bir sebäbiniň biri hem pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli portda işleýän işgärleriň sanynyň azalmagydyr.

Dünýäde ulag ulgamyndaky ýetmezçiligiň iki esasy sebäbi bardyr. Birinjisi, portlarda ýükleriň ýüklenmeginiň we düşürilmeginiň köp wagt almagy bolup, ikinjisi-de söwda bäsleşikleridir. Pandemiýanyň ilkinji alty aýynda önümçilikdäki çäklendirmeler hem-de üpjünçilik zynjyryndaky näsazlyklar sebäpli gämileriň ýylyň dowamynda daşaýan ýükleri pandemiýadan öňki kuwwatlyklaryndan has pese gaçdy. Munuň esasy sebäbi portlaryň gämiler arkaly daşalýan ýükleri ýeterlik kabul edip bilmezlikleridir.  Bu ýagdaý gämileriň deňizlerde adatdan iki esse köp wagt ýüzýändiklerini aňladýar.

Portlarda ýüze çykan bökdençlikler ýurtlaryň ykdysadyýetine-de täsir edýär. Portlar bu möhüm ulag infrastrukturasy hökmünde ýükleriň daşalmagyny we üstaşyr daşalmagyny amala aşyrylýan logistika merkezleridir. Içerki sebitlerden portlara daşalýan ýükler deňiz söwda ýollary arkaly dünýä ýurtlaryna ugradylýar. Gysgaça aýdylanda, portlaryň netijeli işlemegi diňe bir porta däl, eýsem ýurduň ykdysadyýetine hem göniden-göni täsir edýär.

Logistika we üpjünçilik zynjyry diňe bir deňiz gatnawyny däl, eýsem howa ýoly, gara ýol we demirýol, turba geçirijiler ýaly gatnaw usullaryny hem öz içine alýar. Dünýädäki söwdalaryň 90 göterimi arzanlygy sebäpli deňiz söwda ýollary arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de köp wagt alýan we goşmaça çykdajy döredýän şertler ýurtlaryň ulag gatnawlarynyň başga usullaryna meýil etmeklerine itergi berýär. Bu meýil deňiz gatnawyndan köp çykdajyly, emma çalt, ýa-da howa gatnawyndan pes çykdajyly, emma haýal demirýol gatnawyny öňe sürýär.

Demirýol gatnawy, edil deňiz ýoly ýaly uzak aralyga ýük daşamak üçin ygtybarly we arzan bahaly ulgamdyr. Tehniki hyzmat we iş çykdajylary birneme pes bolan demirýol gatnawy umuman ykdysady tygşytlylygy teklip edýär. Gara ýol ulgamynyň üstüni ýetiriji hökmünde görülýän bu ulgam, esasanam, üstaşyr ýük gatnawlarynda has ileri tutulýar. Uzak aralyga, daglyk we çylşyrymly ýollarda  ulanylýan demirýol gatnawy ulaglaryň kynçylyk çekýän ýerlerine ýük daşamak bilen müşderileri kanagatlandyrýar. Transport çykdajylar göz öňünde tutulanda demirýol gatnawy has amatlydyr. Mundan başga-da, ABŞ-da daşalýan ýükleriň takmynan 33 göterimi demirýollary arkaly daşalýar. Döwletler, esasanam ABŞ, demirýol transportyny içerki we daşarky söwdada möhüm orna eýe bolanlygy üçin iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrýarlar.

Dünýäniň iň işjeň deňiz ýollaryndan biri bolan Sues kanalynda 2021-nji ýylyň mart aýynda bolan gämi heläkçiligi dünýä bazarynda gündelik 10 milliard ABŞ dollary möçberinde ýitgä sebäp boldy. Bu heläkçilik alternatiw transport ugurlaryna bolan gyzyklanmalary artdyrdy. Bu alternatiwalaryň biri Hytaý tarapyndan öňe sürülýän “Bir guşak bir ýol” taslamasydyr. "Guşak" düşünjesi, Hytaýyň orta sebitlerinden başlap, Merkezi Aziýadan Moskwa, Rotterdam we Wenesiýa çenli uzalyp gidýän awtoulag, demirýol, nebit we gaz turbageçirijilerinden we beýleki infrastruktura taslamalaryndan ybarat ýerüsti transport ulgamlaryna degişlidir. Bu taslamada diňe bir ugur boýunça däl-de,  Aziýa-Ýewraziya ugry boýunça gury köprülerden ybarat geçelgeleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Hytaýyň täze Beýik ýüpek ýoly taslamasynyň möhüm bölegi Merkezi Aziýadan geçýär. Ýüpek ýolunyň başlangyç bölegi hökmünde görülýän Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly 2016-njy ýylyň fewral aýynda açylyp ulanmaga berildi. Umumy uzynlygy 7 müň 908 km bolan demirýoly arkaly daşalýan ýükler Zheijiang-dan Tährana 9 günüň dowamynda we deňiz ýolundan 25-30 gün has gysga möhletde barýar. Ýewropadan Hytaýa demirýoly arkaly harytlaryň daşalmagy takmynan 5-9 gün, howa ýoly bilen 15-19 gün, deňiz ýoly bilen bolsa 37-50 gün dowam edýär. Jemi 60 ýurdy demirýoly we deňiz ýoly arkaly birleşdirýän taslama üçin takmynan 8 trillion ABŞ dollary möçberinde maýa goýulmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, demir ýol ulaglarynyň portlar bilen deňeşdirilende içerki bazarlara çenli ýeňillik bilen girip bilmegi, bu transport usulynyň baha we wagt nukdaýnazaryndan has amatly bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we halkara hyzmatdaşlyk taslamalaryna has işjeň gatnaşýar. Häzirki zaman Ýüpek ýolunyň durkunyň täzelenmegi bilen Türkmenistan söwda we üstaşyr köpri hökmünde möhüm wezipäni ýerine ýetirmäge taýýarlanýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan milli ýol we demirýoly aragatnaşygyny güýçli depginde ösdürýär. Aşgabatda sebit paýlaýyş merkezi bolup biljek iri halkara howa menzili hem hereket edýär.

2021-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistanyň üstünden 6 million tonnadan gowrak halkara ýük daşaldy. Türkmenistan bar bolan, täzelenen we täze awtoulag ýollary we demirýollary bilen transportda möhüm merkeze öwrülýär. Bularyň hemmesi Türkmenistany dünýädäki çig mal ýetmezçiligi bilen baglanşykly meseleleriň çözülmeginde transport taýdan sebitleýin goldaw berýän ýurt hökmünde onuň ornyny pugtalandyrýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022