Türkmenistan we BAE nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BAE nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Gepleşikde “Dragon Oil” nebit-gaz kompaniýasynyň goşantlary hem-de maýa goýumlary maslahatlaşyldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyna jogapkär wise-premýer Şahym Abdyrahmanow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli çarşenbe güni duşuşdy. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

WAM habar gullugynyň mälim etmegine görä, gepleşikde iri nebit-gaz kompaniýalarynyň biri bolan “Dragon Oil”-iň goşantlary hem-de maýa goýumlary maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda BAE-nyň ilçisi iki ýurduň arasynda nebit-gaz pudagyny ösdürmegiň we hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýagdaýlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynyň başynda BAE iş saparyny amala aşyrdy we Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň çäklerinde gurnalan Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, maýa goýum, logistika we energetika pudaklaryna degişli birnäçe Ylalaşyklara we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

2022