“Lebapgazçykaryş” 10 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 10 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Müdirlik tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden epesli öň üstünlikli berjaý etdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan 2021-nji ýylyň başyndan bäri öndürilen tebigy gazyň möçberi 10 milliard 212,7 million kub metrden gowrak boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 145%-e deňdir.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, netijede müdirlik tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden epesli öň üstünlikli berjaý etdi. Bu netije guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gazanyldy.

Şu ýylyň ýarym ýyllygynda, müdirligiň işgärleri tebigy gazyň artykmaç öndürilmegini üpjün eden ulanyşdan galan guýularyň 17-sini abatlapdylar. Abatlaýyş işleri Malaý, Kerpiçli we Kükürtli ýataklarynda hem alnyp barylýar.

Ýanwarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizilipdi. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylýar. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatyny “mawy ýangyç” bilen üpjün etmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen “Malaý” känini uzynlygy 188 kilometr bolan “Malaý-Bagtyýarlyk” gaz geçirijisi birleşdirýär.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kub metr gaz eksport edilýär. Bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaz geçirmäge mümkinçiligi bardyr. Bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri, Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan Hytaýa harytlyk gazyň 300 milliard kub metri eksport edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022