Türkmenistanyň eksporty 23% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň eksporty 23% ýokarlandy
Türkmenistanda önümleriň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48%-e golaý artdy.

Türkmenistanyň ýanwar-oktýabr aýlarynda eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz önümleriň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48%-e golaý artandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, gurluşyk we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy, özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günlerinde önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy

Milli Liderimiz iş maslahatyň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarowa ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini, şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyryp, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hususy haryt öndürijileriň azyk önümlerini gündelik söwdada elýeterli bahalardan ilata ýetirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, söwda kärhanalarynyň öndüriji kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

2022