Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Merkezi Aziýa döwletleriň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň – ykdysadyýetleriniň 2021-nji ýylda ortaça 4,9% ösmegine garaşýar. Bu barada ÝTÖB-niň penşenbe güni neşir edilen sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.
ÝTÖB-niň hasabatyna göra, Merkezi aziýa ýurtlarynda giňeldilen maliýe syýasatyň dowam etdirilmegi hem-de olaryň esasy eksport harytlaryna we zähmet güýjüne daşarky islegiň ýokary bolmagy sebäpli Merkezi Aziýa sebitiň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda takmynan 4,8% ösmegine garaşylýar.
Hasabatda 2021-nji ýyldaky ösüşe COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmeleriň ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşdirilmeginden soň bu ýurtlarda içki işewürligiň kadalaşmagy, şeýle-de kärhanalara we hojalyklara berilýän karz pul serişdeleriniň artmagy sebäp bolandygy bellenilýär.
Hasabata görä, çig mallaryň bahalarynyň galmagy Gazagystan, Mongoliýa, Türkmenistan we az derejede Özbegistan ýaly nebit, gaz we metal eksport edýän ýurtalara amatly şertleri döretdi. Şol bir wagtyň özünde, Russiýada işçi güýjüne islegiň ýokary bolmagy Täjigistana we Gyrgyzystana goşmaça walýuta girdejileriniň gelmegine mümkinçilik berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bol likwidlik sebitde berilýän karzlaryň köpelmegine we aktiwleriň bahalarynyň inflýasiýasyna itergi berýär. Özbegistandan başga ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynda inflýasiýa ýokarlanýar. Muňa bolsa esasn azyk we çig mal harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäplidir.
Umuman aýdanyňda, ÝTÖB iş alyp barýan 37 ýurtlarynyň 2021-nji ýyl üçin ykdysady çaklamasyny ýokarlandyrdy. Şeýle-hem bank geljekdäki birnäçe howplar, şol sanda energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy we ilata COVID-19-a garşy sanjym etmek depgininiň haýal gidişi barada duýdurdy.
ÝTÖB-niň çaklamalaryna görä, bankyň maýa goýýan ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ýylyň ilkinji alty aýynda tiz dikelmegi 2021-nji ýylda bu ýurtlarda ösüşiň depgininiň 5,5%-e çenli ýokarlanmagyna sebäp bolar. Bu bankyň iýunda beren çaklamasyndan (4.2%) ýokarydyr. 2020-nji ýylda ol ýurtlaryň ykdysadyýetleri ortaça 2,4% pese gaçdy.