Türkmenistan JIÖ-niň ösüş derejesini 6,2% möçberde saklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan JIÖ-niň ösüş derejesini 6,2% möçberde saklady
Öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1% artdy.

Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgini 6,2% ýokarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň on aýyndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabata görä, öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1% artdy.

Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5%, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 14,6% artdy.

Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3%, çykdajy bölegi 96,1% deň boldy. Mundan başga-da, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.

Mejlisiň dowamynda Wise-premýer paýtagtymyzda we welaýatlarda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hem hasabat berdi. Häzirki güne çenli durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny hem-de emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça garaşylýan görkezijileri seljermegiň wajypdygyny belledi.

Mejlisi dowam edip, döwlet Baştutanymyz koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň 6,2% möçberde ösüş derejesini saklap galandygy barada nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diyip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, bellenen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda 30 desgany işe girizmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagta çenli bolsa, 66 sany iri desgany, şeýle hem umumy meýdany 750 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.