“Parahat” täze alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat” täze alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy
“Parahat” hususy kärhanasynyň önümleri Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Ýewropa döwletlerine eksport edilýär.

“Parahat” hususy kärhanasy täze “OK”, “Zor”, “330” haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“OK” alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň limonad, tarhun, kola, pyrtykal, emeli minerallaşdyrylyp gazlandyrylan görnüşleri öndürilýär. Olar 0,5 litrlik plastik gaplara gaplanýar.

Kompaniýanyň täze “330" limon, şetdaly, tokaý miweleri tagamly sowuk çaýlary, nar tagamly içgisi hem-de «Zor» atly zirk we guarana tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgisi 330 millilitr göwrümli plastik gaplarda öndürilýär.

Kompaniýa “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň, "Han şöhlat" şöhlat önümleriniň öndürijisidir.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň tebigy miwe şireleri, çaýlary, gazly içgileri, miwe-gök önüm pýureleri, süýt we et önümleri alyjylaryň islegli önümleridir. Olar Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Ýewropa döwletlerine eksport edilýär.

1993-nji ýylda döredilen “Parahat” hususy kärhanasynyň ISO 22000:2005 halkara güwänamasy, abraýly sylaglarynyň hatarynda “Altyn güýz” Bütinrussiýa obasenagat sergisiniň altyn medaly hem bar.

Şeýle hem, kompaniýa 2012-nji ýylda iýmit önümlerini gaýtadan işlemekde, gaplamakda we gaplaýjy enjamlary öndürmekde Şweýsariýanyň meşhur “Tetra Pak” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

2022