Lebapdaky nah-ýüplük kärhanasy önümleriniň 60%-ni eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapdaky nah-ýüplük kärhanasy önümleriniň 60%-ni eksport etdi
Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah-ýüplük egirme kärhanasynda öndürilen nah ýüplükler Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Russiýa ýaly döwletlere iberildi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah-ýüplük egirme kärhanasy 2021-nji ýylyň on aýynda öndüren önümleriniň 60%-den gowragyny daşary ýurtlara eksport etdi. Eksporta ugradylan ýüplükleriň bahasy 28,8 million manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň geçen penşenbe güni habar bermegine görä, kärhanada öndürilen nah ýüplükler Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Russiýa ýaly döwletlere iberildi.

Kärhanada on aýlyk meýilnamada görkezilen 9 million 414 müň manatlyga derek 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, ýüplügiň 4350 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 149.5% barabar boldy.

Bu ýerde öndürilýän NM-34/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-27/1 we NM-14/1 ýüplükleriň ähli talaplara doly laýyk gelýändigi üçin mydama hyrydary ýetik diýip, habarda bellenilýär.

Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah-ýüplük egirme kärhanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişlidir.

2022