Türkmen kompaniýasy metal önümlerini eksport etmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy metal önümlerini eksport etmegi maksat edinýär
“Eýýam” kompaniýasy dürli maksatly metal şkaflaryny, tekje ulgamlaryny, elektrik panellerini, gyssagly çykalga gapylaryny we serwer şkaflaryny öndürýär.

Metaldan dürli senagat önümlerini öndürýän “Eýýam” hususy kärhanasy önümleriniň görnüşlerini giňeltmegi we olary eksport etmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän önümçilik sehinde dürli maksatly metal şkaflar, tekje ulgamlar, elektrik paneller, gyssagly çykalga gapylar we serwer şkaflar öndürilýär.

Kompaniýa önümleri üçin elektrostatiki poroşok örtügini ulanýar. Bu örtük önümiň poslamagynyň öňüni alýar we dürli howa şertleriniň täsirinden goraýar. Esasy çig mal hökmünde bolsa metal listleri ulanylýar.

Kompaniýa ýylda 20 müňden gowrak gapylary, 30 müň elektrik we tehniki panelleri, 25 müň tekjeleri we durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan 15 müňden gowrak şkaflary öndürmäge ukyplydyr.

“Eýýam” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda esaslandyryldy. Kärhananyň müşderileriniň hataryna “Mercedes-Benz”, “Dragon oil”, “Hyundai”, CNPC, “Petronas”, “Rönesans” we beýleki dünýä belli kompaniýalar girýär. Mundan başga-da “Eýýam” hususy kärhanasy “Schneider Electric” halkara kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

2022