Awstriýa türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýa türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşykda awstriýaly wekiller türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugynyň habar bermegine görä, TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wise-prezidenti Riçard Şens, “Europe Consult GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň müdiri Peter Gindl, “Waagner Biro Bridge Systems” kompaniýasynyň sebitleýin satuw müdiri Oswald Hutter, şeýle hem Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

D.Hudaýberdiýew iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gepleşikleriň ösüşini belläp, TSTB-niň häzirki ykdysady görkezijileri, türkmen telekeçileriniň eksport we olaryň ýurtda halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmekdäki mümkinçilikleri barada habar berdi.

Awstriýaly wekiller öz gezeginde türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim edip, şunuň bilen baglylykda, kompaniýalaryň işiniň käbir ugurlary, şol sanda IT tehnologiýalary, ulag infrastrukturasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ulag we logistika, gurluşyk we infrastruktura, senagat we oba hojalygy tehnologiýalary, azyk senagaty ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň geljegi hökmünde kesgitlenildi.

Mundan başga-da, iki ýurduň işewür wekilleriniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirilmelidigi nygtaldy.

Bu duşuşyk Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň Aşgabat şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi. Awstriýa işewür wekiliýetiniň toparyna dürli ugurlarda ýöriteleşen iri kompaniýalaryň, şeýle hem ýurduň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri girdiler.

2022