Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy ýanwar-awgust aýlarynda $9 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy ýanwar-awgust aýlarynda $9 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda eksporty 5 milliard 472 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 9 milliard 192 million ABŞ dollaryna ýetdi, şol sanda eksportyň paýy 5 milliard 472 million ABŞ dollaryna, importyňky bolsa 3 milliard 720 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen sişenbe güni geçirilen duşuşykda ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri baradaky tanyşdyryş maglumatynda habar berdi.

Jepbarow Türkmenistanyň daşarky bergisiniň ýurduň jemi içerki önüminiň 11%-den geçmeýändigini, ýurdyň bergiler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda amala aşyrýandygyny we pandemiýa döwründe hem degişli hasaplaşyklary saklaman geçirendigini mälim etdi. Bu barada “ORIENT” agentligi habar berýär.

Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistana maýa goýan ýurtlaryň sanawynda Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Germaniýa we ABŞ ilkinji orunlary eýeleýändigi bellenildi.

Jepbarowyň bellemegine görä, bank diňe 2021-nji ýylda daşary ýurt maliýe guramalary bilen jemi 236 million ABŞ dollarlyk bäş sany şertnama baglaşdy. Bu serişdeler ýurduň ýaşyl energiýa, oba hojalygy, himiýa, ulag, şeýle hem hususy pudagyň kiçi we orta kärhanalaryndaky taslamalary üçin ulanylar.

Awstriýaly wekiliýet bilen geçirilen duşuşyk Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň Aşgabat şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümini dürli ugurlarda ýöriteleşen iri kompaniýalaryň, şeýle hem ýurduň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri düzýär.