Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine daşary ýurtly kompaniýalar bilen “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Karara laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaýyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle hem, Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly tehniki goldawy bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli Karara “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi.
Ýatladyp geçsek, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň “Beat Trade FZE” kompaniýasy bilen şertnama baglaşypdy.