Türkmen telekeçisi ýerli bazary ýatak matraslary bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýerli bazary ýatak matraslary bilen üpjün edýär
Telekeçiniň kärhanasynda her gün 40-50 sany taýýar önüm öndürilýär.

Telekeçi Perhat Babaýewiň Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanasy ýerli bazary “Täsin älem” haryt nyşanly döwrebap ýatak matraslary bilen üpjün edýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, 2020-nji ýylda işe girizilen kärhanada her gün 40-50 sany taýýar önüm öndürilýär. Olaryň galyňlygy 18-32 santimetr, uzynlygy 2 metr, ini 90 santimetrden 2,2 metre çenli üýtgeýär.

Kärhana Türkiýäniň ösen tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylyp, müşderilere aýry-aýry ululykdaky matraslary sargyt etmek mümkinçiligini hem berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana ýatak matraslardan başga-da, müşderileriň uly isleg bildirýän dürli ýorganlaryň we ýassyklaryň önümçiligini hem alyp barýar.

Perhat Babaýew Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy bolup, onuň kärhanasynda 35 hünärmen zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022