“Balkandokma” kärhanasy önümçiliginiň ösüş depginini 40% ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkandokma” kärhanasy önümçiliginiň ösüş depginini 40% ýokarlandyrdy
“Balkandokma”-nyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 2021-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda 3 müň 870 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, önümçiliginiň ösüş depgini 40% ýokarlandy.

Ministrligiň duşenbe güni habar bermegine görä, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşýän bu kärhanada 10 aýda öndürilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 68 million manatlykdan hem gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse köp boldy.

“Balkandokma”-nyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenendir. Kärhananyň önümleri diňe bir içerki bazara däl, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna hem ugradylýar.

Ýurduň dürli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan ýokary hilli ýüplük önümlerini öndürýän “Balkandokma” ÝGPJ 2004-nji ýylda gurulyp ulanylmaga berildi. Önümçilik desgasynda häzirki günde jemi 645 hünärmen zähmet çekýär.