TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň üstünde işleýär
Önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.

Ministrler Kabinetiniň sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça görülýän çäreler barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglarynyň, gämiler üçin niýetlenen ýangyjyň, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň bardygy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada tabşyryk berdi.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň oktýabr aýynda TNGIZT wodorod önümçilik desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak we işe girizmek boýunça halkara tenderi yglan edipdi.

TNGIZT 1943-nji ýylda döredildi. Balkan welaýatynda ýerleşýän bu toplum häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň biridir.

Zawod nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini, şol sanda polipropilen we suwuklandyrylan tebigy gazyny öndürýär, şeýle hem olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.