Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleriniň önümhanasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleriniň önümhanasy gurlar
Garyşyk mineral dökünleriň düzümine azodyň, fosforyň we kaliniň dürli gatnaşyklary girýär.

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhana gurlar. Bu taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünleriniň giňden peýdalanylýandygyny aýdyp, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklarynyň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleriniň esasynda ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir diýip, Purçekow nygtady.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda garyşdyrylan mineral dökünleri öndürýän önümhanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada” Karara gol çekdi. Bu resminama Milli Liderimiziň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu taslama içerki Karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar. Ylalaşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody 1960-njy ýylda gurlup, Türkmenistandaky iň uly himiki desgalaryň biridir. Zawod 26 sany önümçilik önümhanasyny birleşdirýär.

2022