Türkmenistanyň ulag ulgamynyň GIS kartasy döredilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ulag ulgamynyň GIS kartasy döredilýär
GIS degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar baradaky döwlet agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň ulag ulgamynyň geografik-maglumat ulgamynyň (GIS) düzülişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, agentligiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini, möhüm awtoulag we demir ýollaryny, hyzmat ediş nokatlaryny, halkara howa menzillerini hem-de olaryň ýük terminallaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, sanly GIS kartasyny düzmek baradaky teklibi hödürledi. Ol ýangyç guýmak mümkinçilikleri, deňiz portlary, poçta bölümleri, logistika merkezleri we howa menzilleri, serhet geçelgeleri hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilýän nokatlary baradaky jikme-jik maglumatlary özünde jemlär.

Agentligiň Baş direktory bu işiň ýurdumyzyň ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňişleýin öz içine alýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, teklibi tassyklady we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

GIS degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly ulgamdyr. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.