Ahalda 5 müň tonna pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalda 5 müň tonna pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumy açyldy
Täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle-de çärä sanly ulgam arkaly Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň tekstil kompaniýalarynyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) wekilleri gatnaşyp, täze açylan topluma gowşurulan birnäçe güwänamalara we şahadatnamalara eýe bolmagy bilen Milli Lidermizi tüýs ýürekden gutladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň ABŞ dollaryna deň bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär.

Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem, bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.

Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanylyp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde guruldy.

2022