Baýden Owganystandan raýatlary çykarmakda Türkmenistanyň beren kömegine minnetdarlyk bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýden Owganystandan raýatlary çykarmakda Türkmenistanyň beren kömegine minnetdarlyk bildirdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden (Surat: AP)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Jozef Baýden Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine şu ýylyň awgusty we sentýabr aýlarynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegi hem-de hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi.

“Biz Siziň üstaşyr uçuşa, ýangyç guýmaga öz wagtynda dessin rugsat bermekdäki kömegiňize, ýolagçylary barmaly ýerlerine äkitmekdäki ýardamyňyza ýokary baha berýäris” diýip, ABŞ-nyň Prezidenti öz ugradan hatynda nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar wajypdygyny belläp, “men onuň ýyldan-ýyla pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýandygyma şatdyryn. Sebäbi biz howa, sebit howpsuzlygy, adam hukuklary we ykdysady mümkinçilik ulgamlarynda tagallalarymyzy goldamak üçin bilelikde iş alyp barýarys” diýip, Prezident Jozef Baýden sözüniň üstini ýetirdi.

“Birleşen Ştatlar, ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny hem-de çäk taýdan bitewüligini pugta goldaýar” diýip, ABŞ-nyň Baştutany belledi.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryny dowam etdirmek maksady bilen 2008-nji ýylda Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşi döredildi.

2022