Türkmenistan bilen Italiýa söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyny maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Italiýa söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň Italiýa Söwda guramasynyň (ICE) prezidenti Karlo Ferro bilen duşuşygy, Rim, Italiýa

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň çarşenbe güni Rimde Italiýa Söwda guramasynyň (ICE) prezidenti Karlo Ferro bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar söwda dolanşygyny artdyrmak hem-de täjirçilik we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly dürli ugurlardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, taraplar bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-7-nji noýabrynda Italiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirilen türkmen-italýan işewürlik forumynda gazanylan netijelere ýokary baha bermek bilen, taraplar söwda we ykdysady ugurda iki ýurduň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň zerurlygyny tassykladylar. Şeýle-de, işewür toparlaryny dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge höweslendirmegiň wajyplygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Italiýanyň kärhanalarynyň arasynda gyzyklanma döredýän ugurlarda nou-hau we häzirki zaman tehnologiýalarynyň alyş-çalşynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda we ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine ynam bildirip, geljekde ICE we Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän edaralary bilen bilelikdäki başlangyçlary we işewür gatnaşyklary ösdürmekde anyk çäreleri durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini bellediler.

Italiýanyň Söwda guramasy (ICE) italýan kompaniýalarynyň we “Italiýada öndürilen” önümleriniň halkaralaşdyrylmagy we mahabatlandyrylmagy, şeýle hem daşary ýurtlar bilen ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen meşgullanýar.

2022