Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri energetika hyzmatdaşlygyna garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri energetika hyzmatdaşlygyna garadylar
Taraplar energetika pudagynyň ösüşiniň iki döwlet üçin ileri tutulýan ugurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Telekeçilik işi, forumlary guramak üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertleriniň mundan beýläk-de döredilmeginiň wajypdygy bellenilip, olaryň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy.

Energetika ulgamy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ulgam Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman döwletleriň ikisiniň-de bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini nygtap, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mikail Çingiz ogly Jabbarow döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022