Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasynyň çäklerinde wise-premýer Çarymyrat Purçekow hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen bilelikde iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanda täze elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de bu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, kompaniýanyň başlygy netijeli işler üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we giň mümkinçilikler döredilen ýurdumyzyň işewür hyzmatdaşy bolmagyň “Rönesans Holding” kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.
Şeýle-de, işewür Milli Liderimize türk kompaniýasynyň ýurdumyzda amala aşyrýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady. Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini hem aýtdy.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türkiýeli işewür toparlaryň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
“Rönesans Holding” kompaniýasy Türkmenistanda işlän ýyllarynda düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyrdy. Kompaniýa ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Mary welaýatynda “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdy.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.
Onuň dowamynda Türkmenistanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, suw süýjediji desgalaryň gurluşygynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny netijeli ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.