Eýran alyş-çalyş arkaly türkmen gazyny Azerbaýjana ugradar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran alyş-çalyş arkaly türkmen gazyny Azerbaýjana ugradar
Eýranyň Nebit ministri Azerbaýjan bilen nebit-gaz pudagy boýunça ýakyn günlerde şertnamalaryň gol çekilmegine umyt bildirýändigini aýtdy. (Surat: “Shana”)

Tähran we Baku alyş-çalyş arkaly goňşy ýurtlaryň we şol sanda Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmagy ylalaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Premýer ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji ýekşenbe güni Tähranda metbugat beýanatynda mälim etdi.

Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen netijeli gepleşikler geçirildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Bu barada Owjiniň aýdanlaryna salgylanyp, “Shana” täzelikler agentligi habar berdi.

Şeýle hem, ol Azerbaýjan bilen nebit-gaz pudagynda we Hazaryň nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça ýakyn günlerde şertnamalaryň gol çekilmegine umyt bildirýändigini aýtdy.

Alyş-çalyş gaz üpjünçiligi boýunça ylalaşandygyny mälim edip, Owji Nahçywan gaz şertnamasy boýunça hem oňyn netijäniň gazanylandygyny belledi.

Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmisi öz gezeginde  Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ähli ugurlarda, esasanam energiýa meselesinde üstünlikli hyzmatdaşlygyň bardygyna ünsi çekdi.

“Biz energetika pudagynda birnäçe täze taslamalary ara alyp maslahatlaşdyk we men ýakyn wagtda täze resminamalara gol çekiljekdigine ynanýaryn” diýip, Mustafaýew aýtdy.

Eýran awgust aýynda Hazar deňziniň eýran tarapynda “Çalus” uly tebigy gaz ýatagynyň tapylandygyny habar beripdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022