Ýanwar-oktýabr: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 24% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 24% ýokarlandy
Şu ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistan 404 million ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 555 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň geçen anna güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 422 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Şu ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistan 404 million ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 151 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bu döwürde Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 32 milliard 600 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 milliard 500 million ABŞ dollary ýa-da 8,5% ýokarlandy.

Bu döwürde Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky dolanyşyk 6 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň Hytaýa eksporty 2 milliard ABŞ dollaryndan, bu ýurtdan importy bolsa 4 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($5,9 milliarda golaý), Gazagystan ($3,16 milliarddan gowrak), Türkiýe ($2,71 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,52 milliard gowrak), Gyrgyzystan ($773,8 million), Germaniýa ($652,2 million), Ukraina ($526,6 million) we Owganystan ($524,2 milliona) girdi.

2020-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022