Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylyň ahyrynda 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara gözleg institutynyň web sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň takmynan 3 esse artandygyny görkezýär.
Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň 2020-nji ýyldaky maglumatlaryna görä,Türkmenistan Özbegistanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksportynyň mukdary we ösüş depgini boýunça ilkinji onluga girdi. Türkmenistan goňşy döwletden oba hojalyk tehnikalaryny, ter we gaýtadan işlenen miweleri we gök önümleri, mineral dökünleri, gurluşyk materiallaryny we himiýa önümlerini import edýär.
Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginiň oňyn depginini belläp geçdiler.