“Duýgy” kompaniýasy Ukraina süýji-köke önümlerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Duýgy” kompaniýasy Ukraina süýji-köke önümlerini eksport etdi
Kärhanada süýji-köke önümleriniň 100-den gowrak görnüşi öndürilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Duýgy” hususy kärhanasy golaýda süýji-köke önümlerini Ukraina Respublikasyna eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada süýji-köke önümleriniň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, olaryň arasynda “Gülaýym”, “Direg” süýjüleri, kökeler, şokolad we iris bardyr. Türkiýe Respublikasynyň tehnikalary bilen doly enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanada işler awtomatik usulda alnyp barylýar.

“Duýgy” haryt nyşanly konditer önümleri Yraga hem eksport edilýär. Ýakynda kärhanada täze önüm — “Gülaýym” şokolady, “Tawus” ir-iýmiş huruşly, şokolad örtülen keksleri hem öndürilip başlandy.

“Duýgy” hususy kärhanasy 2001-nji ýylda konditer önümçiligine başlady. Hususy kärhananyň hünärmenleri geljekde eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýärler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022