“Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmeler duşenbe güni ýurdyň resmi metbugatynda çap edilmegi bilen güýje girdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň milli hukuk goraýjy edaralarynyň, döwlet bilim edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň mekezleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň esasy iş ugurlary bilen bagly bolmadyk döwlet emlägi eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýekti bolup biler.
Şeýle hem karz serişdeleriniň hasabyna döwlet emlägini hususylaşdyrmak baradaky Kanuna üýtgetme girizildi. Eger-de hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi karz serişdeleriniň hasabyna emele getirilen (gurlan) bolsa, emlägiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler bergileriň üzülişmegine gönükdirilýär, olaryň artan bölegi bolsa, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasabyna geçirilýär.
Mundan başga-da üýtgetmelerde bellenilişi ýaly, ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde hususylaşdyrmagyň obýektleriniň satylmagyny amala aşyrmak boýunça işleri guramak we zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanly elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
Üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanuna şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.