Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak üçin arza berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak üçin arza berdi
Ýurduň arzasy Ženewadaky halkara guramalaryň we BMG-niň edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow tarapyndan gowşuryldy. (Surat:BSG)

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala çarşenbe güni Türkmenistanyň BSG-a girmek baradaky resmi arzasyny kabul etdi. Bu barada BSG-nyň saýtynda habar berilýär.

Ýurduň arzasy Ženewadaky halkara guramalaryň we BMG-niň edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow tarapyndan gowşuryldy.

Ilçi BSG-nyň Baş müdiri bilen bolan duşuşygynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goldanýan türkmen hökümetiniň kararyna Türkmenistanyň dünýä söwdasyna goşulmak we ýurduň ykdysadyýetini BSG-e girmek arkaly diwersifikasiýalaşdyrmak isleginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

BSG-nyň beýanatynda bellenilişi ýaly, guramanyň Baş direktory Türkmenistanyň BSG agzalygyna ýüz tutmak baradaky taryhy karary bilen gutlady.

Türkmenistanyň arzasyna BSG-nyň 30-njy noýabrdan 3-nji dekabr aralygynda geçiriljek 12-nji ministrler maslahatynda garalmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-na synçy döwlet hökmünde girdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022