"Saxo Bank": Nebitiň bahasy 2022-nji ýylda $100-den geçip biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Saxo Bank": Nebitiň bahasy 2022-nji ýylda $100-den geçip biler
Noýabr aýynda ABŞ-nyň esasy banklary we bazardaky uly kompaniýalar 2022-nji ýylda nebitiň bahasy baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdylar.

“Saxo Bank” maliýe edarasynyň Baş ykdysatçysy we maýa goýum direktory Stin Ýakobsen şu gyşda dünýäniň energiýa krizisiniň iň ýokary derejesine çykjakdygyny çaklady we geljek ýyl nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 ABŞ dollaryndan geçmeginiň mümkindigini belledi. Bu barada Russiýanyň RBC habar saýty penşenbe güni habar berdi.

“Gyşyň gaty sowuk bolmagynyň ähtimallygy gaty ýokarydyr. Energiýa bolan isleg azalmaýar we ätiýaçlyklarynyň derejesi pes bolup, bu bolsa öz gezeginde tebigy gazyň we nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar” diýip, Ýakobsen aýtdy.

Bilermeniň belleýşi ýaly, bu nukdaýnazardan energiýa pudagynda “kemsiz tupan” emele geldi.

Nebitiň bahasynyň “häzirki bahalardan pes bolmaz” sebäbi çig mal üçin hakyky isleg bar diýip, bankyň ykdysadyýetçisi belledi.

“Nebitiň bahasy ýokarlanar. Onuň bahasy 100 ABŞ dollaryndan ýokary bolsa men geň görmerin” diýip, Ýakobsen habarçylara aýtdy.

Bankyň bilermeni tebigy gazyň hem bahasynyň ýokarlanmagyna garaşýar. “Çig mal boýunça analitiklerimiz bilen bir hatarda biziň hemmämiz tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagynyň wagtlaýyn togtandygyny belleýäris. Biz bütin dünýäde bahalaryň has ýokarlanýandygyny görýäris” diýip, Ýakobsen tebigy gaza bolan islegiň ýokarlanjakdygyny we onuň bahalarynyň has galjakdygyny belledi.

Noýabr aýynda ABŞ-nyň esasy banklary we bazardaky uly kompaniýalar 2022-nji ýylda nebitiň bahasy baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdylar. “Bank of Amerika” bankynyň analitikleri, nebitiň “Brent” görnüşiniň 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli bahasynyň 120 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar. “JPMorgan” banky 2022-nji ýylda “Brent” nebitiniň bir barreliniň ortaça bahasynyň $88 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny çaklaýar.

Dünýädäki iň uly nebit söwda kompaniýalaryň biri “Vitol Group”-yň başlygy Rassel Hardi üpjünçiligiň ýetmezçiligi we ýangyç isleginiň dikelmegi sebäpli nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşýar.