Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, okgunly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, maýa goýumlaryň höweslendirilmegine ýardam bermegi ugur edinýändiklerini tassykladylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlary häzirki wagtda milli ykdysadyýetleriň ösüş mümkinçiliklerini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, dürli ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolan bu düzümiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.
Iki ýurduň Liderleri üstaşyr ulag ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi dostlukly ýurtlaryň we halklaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, döwlet bähbitlerine doly kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.